Daşary ýurt metbugatyn syn 13.07.2016

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilen Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

528477
Daşary ýurt metbugatyn syn 13.07.2016

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Türkiýe ÝP-ni PKK sebäpli ýazgardy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň PKK-a agza terrorçylaryň suratlarynyň sergilendirilmegi sebäpli Ýewropa Parlamendini ýazgarandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: “Hem DAEŞ hem-de PKK terror guramalarydyr. Terror guramalarynyň birini beýlekisinden aýyrmak terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlara sarpa goýmazlykdyr. Ikiýüzlilik ÝB-niň abraýyna örän zeper ýetirýär” diýendigini belleýär.

Germaniýanyň DW habarlar gullugy: “ Merkelden Injirlik bilen baglanşykly beýanat” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Türkiýäniň nemes deputatlarynyň Injirlik bazasyndaky esgerler bilen duşuşmagyna rugsat bermezligi bilen baglanşykly beýanat berendigini habar berýär. Habarlar gullugy Merkeliň: “Biz parlament goşuny. Munyň manysy bolsa Germaniýanyň Federal mejlisiniň agzalarynyň Germaniýanyň serhetleriniň daşynda wezipelerini ýerine ýetirýän esgerler bilen duşuşyp bilýär diýmekdir” diýendigini nygtaýar.

ABŞ-nyň TURKISNY habarlar gullugy: “Ahyska türklerine raýatlyk beriler” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Efkan Alanyň: “Türkiýede ýaşaýan Ahyska türklerine raýatlyk beriler, mesele bilen baglanşykly işler alyp barýarys” diýe sözlerinden Erzinjana ýerleşdirilen Ahyska türklerinde şatlyk döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Prezident Erdoganyň buýrugy bilen Ukrainadan getirilip Erzinjan welaýatynyň Üzümli etrabynda ýerleşdirilen Ahyska türkleriniň bir böleginiň ministr Alanyň beren hoş habaryndan soň ellerine Türkiýäniň baýdagyny alyp köçelere çykandygyny beýan edýär.

Gresiýanyň Fileleftheros gazeti: “Ankara: Kair bilen gatnaşyklar şertli ýagdaýda kadalaşdyrmakçy” söz başyly habarynda, Wise-premýer Numan Kurtulmuşyň resmi Ankaranyň Kair bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny arzuw edýändigini, emma Müsürüň hökümetiniň harby agdarlyşykdaky pozisiýasyny gözden geçirmeginiň gerekdigini aýdandygyny mälim edýär. Gazet Numan Kurtulmuşyň: “Türk halky Müsüriň halky bilen dogandyr. Müsüriň halky bilen hiç haçan duşman bolmarys we Müsür halkyna garşy sowuk bolmarys. Biz Müsürde demokratiýa ýörelgesini goldadyk” diýendigine ünsi çekýär.



Degişli Habarlar