Daşary ýurt metbugatyn syn 01.06.2016

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilen Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

501828
Daşary ýurt metbugatyn syn 01.06.2016

Britaniýanyň “Roýter” habarlar gullugynyň “Erdogan: Germaniýanyň ermeni gyrgynçylygy kanuny özara gatnaşyklara zyýan ýetirip biler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyn 1915-nji ýylda ermenleriň köpçülikleýin öldürilmegini genosit hökmünde ykrar etmek baradaky nemes kanun teklibiniň Ankara bilen Berliniň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirip biljekdigini aýdandygyny mälim etdi. Habarda Erdoganyň: “Germaniýa şonuň bilen aldadylmak islenýän bolsa, onda diplomatik, söwda, syýasy we harby gatnaşyklar –iki ýurt hem NATO agza- zyýan çeker” diýendigi halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

ABŞ-nyň Türk-Amerikan habarlar portaly “TurkishNY-niň” “Erdoganyň sapary Afrika bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirer” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Uganda sapary barada beýanat beren Ugandanyň Addis Ababadaky ilçisi we Afrika Bileleşigi bilen BMG-niň Afrika Ykdysady geňeşiniň hemişelik wekili Mull Sežža Katendäniň: “Erdoganyň sapary Türkiýäniň Afrika bilen edýän hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we iki ýurduň arasyndaky taryhy gatnaşyklary ösdürmek baradaky ygrarlylygy görkezýär” diýendigini mälim edýär.

Azerbaýjanda çap edilýän “Ýeni Musawat” gazeti “Binali Ýyldyrymyň Azerbaýjana saparynyň taryhy ähmiýeti” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň 3-nji iýunda Azerbaýjana sapar gurajakdygyny ýazýar. Gazet Binali Ýyldyrymyň adaty ýagdaýda ilkinji daşary ýurt saparyny Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna we Azerbaýjana gurajakdygyny, Azerbaýjana saparynyň dowamynda Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul ediljek Ýyldyrymyň soňky aýlarda dartgynlaşan Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklary sebäpli Türkiýe bilen gatnaşyklarda täze döwrüň başlandyğyny, doğanlyk ýurduň Azerbaýjanyň ýanynda durýandygyny görkezmek taýdan saparyň iňnän möhümdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Katardan ýaýlym berýän “Al Jazira” teleýaýlymynyň “Daşary syýasatda özgerlişik zerur” atly habarynda, käbir gazetleriň we teleýaýlymlaryň wekilleri bilen ertirlik naharynda duşuşan Wise-premýer Numan Kurtulmyşyň Siriýa, Yrak, Russiýa, ÝB we Ysraýyl bilen gatnaşyklarda täze başlangyçlaryň ediljekdigini duýdurandygyna üns çekilýär. Habarda, Kurtulmyşyň “Daşary syýasatda iňňän çaltlyk bilen özgerýän atmosfera bar. Dowam edýän käbir syýasatlara käbir özgertmeleriň girizilmegi zerur bolup durýar. Dünýäde uly çaknyşyklar ýüze çykdy. Biz islesegem her bir meseläni çözüp biljek güýjümizem ýok, her bir meseläniň çözülme mümkinçiligem ýok. Edilmeli zat, daş-töweregimizdäki çaknyşyklar mümkin gadar azaltmak. Türkiýäniň gynansagam tarapynda durýan köp sanly çekeleşiginiň iň bolmanda Türkiýe böleginiň ýeňledilmegi üpjün edilmeli” diýen sözleri halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar