Daşary ýurt metbugatyna syn 04.03.2015

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

246918
Daşary ýurt metbugatyna syn 04.03.2015

ABŞ-nyň “AP” habarlar gullugy Prezident R. T. Erdoganyň Saud Arabystanynyň Şasy Salman bilen duşuşandygyny habar berdi.

Habarda duşuşykda diplomatik gatnaşyklaryň kadalaşýandygyna üns çekilendigi nygtaldy.
Habarda Prezident Erdogan bilen Saudy Şasy Salmanyň Siriýadaky uruş, Eýranyň ýadro gepleşikleri we Ýemendäki baş-başdaklyk ýaly sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.


Hytaýyň “Hinhua” gazeti Wengriýada saparda bolan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Budapeştde beren beýanatynda Türkiýäniň energetika taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigine we Wengriýa bilen birlikde Merkezi Ýewropa ýurtlaryna ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryna aýratyn ünsi çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Habarda Dawutoglynyň Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda Nabukko taslamasynyň möhüm taslamadygy emma durmuşa geçirlip bilinmändigi hakyndaky sözlerine ýer berildi.
Gazet Premýer ministr Dawutoglynyň Türkiýe bilen Wengriýanyň NATO-nyň çäginde strategiýa taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi baradaky sözlerini ýatladýar.
Gazet Wengriýanyň Premýer ministri Orbanyň hem tebigy gazyň Türkiýäniň üsti bilen Serbiýa ol ýerden hem Wengriýa getirilmegini maksat edinýändikleri hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.


Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugy “Türkiýe nebit gözleg işlerini geçirer” söz başyly habarynda Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Türkiýäniň Yragyň merkezi hökümeti bilen baglaşylan ykdysady şertnamanyň çäginde Yragyň demirgazygynda nebit gözleg işlerini geçirjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berdi.
Habarda ministr Taner Ýyldyzyň Ankara beren beýanatynda “Yragyň merkezi hökümeti bilen baglaşan şertnamalarymyza laýyklykda Kandil dagynyň eteklerinde nebit gözleg işlerini geçirmek hukugymyz bar” diýendigi nygtaldy.


İspaniýada çap edilýän “La Wanguardia” gazeti “ÝB iş meýilnamasyny takdyr etdi” söz başyly habarynda ÝB-niň ýokary derejeli wekillerinden Federika Mogerininiň, türk hökümeti bilen Halklaryň demokratik partiýasy tarapyndan beýan edilen parahatçylygy maksat edinýän iş meýilnamasyny “Çözgüt etabynda aýgytly ädim” hökmünde häsiýetlendirendigini ýazýar.
Gazet Mogerininiň iki tarapa ylalaşyk we demokratik ösüş üçin pursatdan ýerlikli peýdalanmak çagyryşyny berendigi ýatladyldy.
Gazet ÝB-niň çözgüt etabynda goldaw berýändigini we ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyny belleýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar