Daşary ýurt metbugatyna syn 23.09.2014.

Türkiýede başdan geçirlen soňky wakalar bilen baglanşykly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda giňişleýin ýer alýar

136830
Daşary ýurt metbugatyna syn 23.09.2014.


“AFP” Habarlar gullugy “Zamun alynan türk raýatlary boşadyldy” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň YDYD guramasy tarapyndan zamun alynan 46 türk raýatynyň geçirlen“diplomatik gepleşiklerden” soň boşadylandygy we hiç hili paç tölemändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Habarda Erdoganyň “Koalisiýada ýer almagymyz islenen halatynda “kabul” edip bileris emma ozal muny kabul edip bilmezdik. Zamun alynan türk raýatlary bilen baglanşykly mesele çözülmezden hiç zat edip bilmejekdigimizi beýan etdik” diýen sözlerine üns çekilýär.


“Roýter” habarlar gullugy “Erdogan paç tölemedik diýdi” söz başyly habarynda Türkiýäniň merkezi habar alyş gullugynyň ýolbaşçylarynyň “Yrak Damask Yslam Döwleti” guramasy tarapyndan üç aý ozal Yragyň demirgazygynda zamun alynan 46 adamy Türkiýä getirendigini habar berdi.
Habarda Prezident Erdoganyň bu wakany “Gizlin halas ediş operasiýasy” hökmünde häsiýetlendirendigi bellenildi.
Habarda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu Ýorka giden Erdoganyň saparyndan ozal mesele barasynda beren beýanatynda “hiç hili paç tölemedik. Bu diplomatiýanyň gazanan üstünligi” diýen sözlerine üns çekilýär.


“Roýter” habarlar gullugy “Türkiýe ÝB-ne agzalyk strategiýasyny beýan etdi” söz başyly habarynda Türkiýe Ýakyn Gündogarda we dünýäniň beýleki sebitlerinde emele gelen krizisleriň Ankara bilen ÝB-niň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini möhüm ýagdaýa getirendigini beýan etdi we ýurduň ÝB-ne agzalyk etabynyň depginini güýçlendirmegi maksat edinýän täze meýilnamasyny yglan etdi” diýip ýazýar.
Türkiýäniň strategiýasyny beýan edýän 12 sahypalyk resminamada şeýle diýildi : “Siriýadan Ukraina we Ýakyn Gündogardan Demirgazyk Afrika çenli soňky döwürde ýüze çykan wakalar Türkiýe bilen ÝB-niň global we sebitara howplara garşy birlikde hereket etmelidigini görkezýär. Bu maksatnama noýabr aýynda güýje girer we Syýasy reforma etabyna, Agzalyk etabynda sosial-ykdysady öwrülşige gönüger”


İspaniýada çap edilýän “La Wanguardia” gazeti “Gresiýanyň esasy rol oýnamagyny isledi” söz başyly habarynda Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Gresiýaly ýolbaşçylardan 40 ýyldan bäri bölünen Adanyň birleşmegini maksat edinýän Kipr gepleşik etabynda esasy rol oýnamaklaryny isländigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.
Gazet Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda saparda bolan Premýer ministr Dawutogly “Türkiýäniň we Gresiýanyň ýolbaşçylarynyň Kipre guran saparlarynyň diýseň möhümdigini nygtady we Gresiýanyň ýolbaşçyalryna gepleşiklerde esasy rol oýnamaklary çagyryşyny berdi” diýip ýazýar.


Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugy “Türkiýe Makedoniýa goldaw berýär” söz başyly habarynda Türkiýede saparda bolan Makedoniýanyň Premýer ministri Gruewski bilen duşuşan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Türkiýe bilen Makedoniýanyň diňe syýasy gatnaşyklaryny däl eýsem şol bir wagtda söwda taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini habar berdi.
Habarda Dawutoglynyň Makedoniýada ýaşaýan türk raýatlarynyň “dostluk köprüsini” emele getirýändigine we özüniň türk işewür adamlaryny Makedpniaýda maýa goýmaklary üçin höweslendirendigi hakyndaky sözleri ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar