Mustafa Warank Senagat önümçiligi bilen bagly beýanat berdi

Mustafa Warank, Senagat önümçiligi bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beýanat berdi

1582461
Mustafa Warank Senagat önümçiligi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda G20-ä agza ýurtlaryň arasynda Senagat önümçiligini iň köp artdyran ýurdyň Türkiýe bolandygyny habar berdi. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Senagat önümçiligi bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beýanat berip: "Soňky çärýekde senagat önümçiliginde hasaba alynan uly artyş, Türkiýäniň 2020-nji ýyly oňyn görkezijiler bilen ýapjak dünýädäki birnäçe ýurdyň biri boljakdygyny tassyklady" diýip mälim etdi. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank: "Ykdysadyýet we hukuk ugurlaryndaky özgertme göçümlerimiz we senagat pudagymyzyň wekilleri bilen ýokary hilli we durnukly ösüş maksadymyzy dowam etdireris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar