Afýon lokumy 50 ýurda eksport edilýär

2018-nji ýylda  Afýondan jemi 136 müň tonna lokum eksport edildi we 600 müň dollarlyk girdeji gazanyldy

1132452
Afýon lokumy 50 ýurda eksport edilýär

 

Ýyly suwly bejeriş sanatoriýalary, mermeri we sujugy bilen ýakyndan tanalýan Afýonkarahisarda lokum atlandyrlan türk datlysyny öndürýän firma Amerika, Ýewropa, Aziýa we Awstraliýa bilen birlikde 50 ýurda 300 görnüşli Afýon lokumyny eksport edýär.

Firmanyň eksport müdüri Merwe Çakyjy “Afýonkarahisardan 4 materikde 50 ýurda lokum eksport edýäris. Afýon lokumyny dünýäniň çar tarapynda giňden tanatmaga dowam ederis. Ýakynda Germaniýada geçiriljek dünýäniň iň uly süýji-köke sergisine Türkiýäniň adyndan gatnaşarys” diýdi.

Beýleki tarapdan Egeý eksportçylar bileleşiginden berlen maglumata görä, 2018-nji ýylda  Afýonkarahisardaky 5 firma tarapyndan jemi 136 müň tonna lokum eksport edildi we 600 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

 

 



Degişli Habarlar