Palandöken “Bütindünýä Syýahatçylyk güni” mynasybetli beýanat berdi

Palandöken, Türkiýäniň ýylyň ilkinji ýarymynda 16 million turisti kabul edendigini habar berdi

1057907
Palandöken “Bütindünýä Syýahatçylyk güni” mynasybetli beýanat berdi

Türkiýäniň Söwdegärler we senetçiler konfederasiýasynyň başlygy Bendewi Palandöken, Türkiýäniň ýylyň ilkinji ýarymynda 16 million turisti kabul edendigini we geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende syýahatçylaryň sanynda 30 göterimlik artyşyň bolandygyny mälim etdi.

Palandöken “27-nji sentýabr Bütindünýä Syýahatçylyk güni” mynasybetli beren ýazmaça beýanatynda, ýylyň ilkinji 6 aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndan alan girdejisiniň 11 milliard 469 million 828 müň dollara barabar bolandygyny, ýylyň ahyryna çenli 40 million syýahatçyny we 30 milliard dollar girdeji almagy maksat edinýändiklerini habar berdi.

Ýurdyň galkynyşy başda bolmak bilen, halkara derejedäki abraýyny at goşmak we medeniýetini bütin dünýä tanatmak üçin syýahatçylyk pudagyndan alynan netijäniň iň ýokary derejä ýetirilmeginiň gerekdigini aýdan Palandöken: “Ýylyň ilkinji 6 aýynda 16 million syýahatçyny kabul etdik. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende syýahatçy sanynda 30 göterimlik artyş bar. Çar tarapy jennet bolan ýurdumyzy dünýä syýahatçylygynda tanatmak üçin bellenen nokada ýetmek üçin has köp işlemelidiris. Esasan hem tebigat, taryh we gastranomiýa syýahatçylygynyň üsti bilen ýurdumyza has köp syýahatçy getirmelidiris. Syýahatçylygyň her şahasyny möwsümlikden halas edip, ýylyň 12 aýy boýunça diri saklamalydyrys” diýdi.



Degişli Habarlar