Gündogar Gara deňizden 4 aýda 9 ýurda ary bal eksport edildi

Gündogar Gara deňizden şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda ABŞ başda bolmak bilen dünýäniň 9 ýurduna ary bal eksport edildi

2140431
Gündogar Gara deňizden 4 aýda 9 ýurda ary bal eksport edildi

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, sebitden 4 aýda 218 tonna ary bal eksport edilendigini habar berdi. 

Eksprotdan 894 million 471 müň dollar girdeji alynandygyny aýdan Saffet Kalýonju: "ABŞ 462 müň 563 dollarlyk eksport bilen sanawyň ilkinji ornuny eýeledi. ABŞ-dan soň 198 müň 750 dollar bilen Germaniýa, 96 müň 216 dollar bilen Saud Arabystany gelýär. Sebitden ady agzalan döwürde BAE, Katar, Oman, Azerbaýjan, Belgiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlara ary baly eksport edildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #Türkiye , #eksport , #ary bal

Degişli Habarlar