Türkiýäniň Afrika Ýurtlaryna Eksporty 4,6 Milliard Dollara Ýetdi

Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna eksporty ýylyň 4 aýynda 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä 2 milliard dollar ýokarlady.

2143812
Türkiýäniň Afrika Ýurtlaryna Eksporty 4,6 Milliard Dollara Ýetdi

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezijilerine görä Türkiýäniň Afrika ýurtlaryna eksporty ýylyň 4 aýynda 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä 2 milliard dollar ýokarlap, 6 milliard dollara barabar boldy.

Afrika ýurtlaryna eksportuň jemi daşary söwdadaky paýy ýanwar-aprel aýlarynyn aralygyndaky döwürde 7,2 göterime deň bolan bolsa, Afrika ýurtlary Türkiýäniň degişli döwürde ýurt toparlary derejesinde eksport eden esasy 12 ýurt topary taýdan 5-nji orny eýeledi.

Türkiýe ýylyň 4 aýynda ÝB-ne agza ýurtlara 31,6 milliard dollar, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna 9,7 milliard dollar, GDA-nyň düzümindäki ýurtlara 7 milliard dollar, beýleki Ýewropa ýurtlaryna 6,7 milliard dollarlyk eksport etdi.



Degişli Habarlar