THÝ-nyň geçen ýylky girdejisi 1 milliard dollardan geçdi

Türk Howa Ýollarynyň 2017-nji ýyldaky girdejisi 1 milliard 22 million dollara ýetdi

923843
THÝ-nyň geçen ýylky girdejisi 1 milliard dollardan geçdi

265 uçarlyk ägirt uly awiasia eýe bolan kärhana uçarlaryny ýyl saýyn artdyrýar we özgerdýär.

Berýän hyzmaty bilen dünýäniň nusgwy howa ýollary kärhanalaryndan biri bolan Türk howa ýollary  dünýäniň 120 ýurdyna 300-den gowrak nokada uçýar.

THÝ-nyň Metbugat maslahatçysy Ýahýa Üstün Twitter hasabyndan beren beýanatyna görä kärhananyň girdejisi geçen ýyl 1 milliard 22 million dollar boldy.

Stambulda gurluşygy dowam edýän we öňümizdäki ýyl işlemäge başlamagy meýilleşdirilýän dünýäniň iň uly howa menziliniň hyzmata açylmagy bilen THÝ-nyň girdejisiniň has hem artmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar