Hökümet ykdysady ösüşiň güýçli depginde dowam etmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýar

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýede kadaly durmuşyň dowam edýändigi aýtdy

537030
Hökümet ykdysady ösüşiň güýçli depginde dowam etmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýar

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym daşary ýurtly maýadarlara ýüzlenip, netijesiz agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýede kadaly durmuşyň dowam edýändigi aýtdy.

Ykdysadyýet kanaly Blommberge beýanat beren Premýer ministr Ýyldyrym 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň kredit balynyň aşakladylmagynyň ýerliksizdigini emma bu ýagdaýyň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirmändigini nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym hökümetiň ykdysady ösüşiň güýçli depginde dowam etmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýandygyna ünsi çekdi.

Ýyldyrym Türkiýäniň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän taslamalar üçin ýörite gazna döredip şol taslamalary gazna arkaly durmuşa geçirip biljekdigini ýatlatdy.

Çykyşynda netijesiz agdarlyşyk synanşygyndan soň ykdysady töwerekleriň syýasy durnuklylyga uly ähmiýet berýändigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym, “Saýlaw arkaly wagt ýitip bilmeris” diýdi we umumy saýlawlaryň meýilleşdirilşi ýaly 2019-njy ýylda geçiriljekdigini belledi.

Premýer ministr syýasy durnuklylygyň üpjün edilmeginde prezident dolanşygy ulgamynyň hem ähmiýetlidigini ýatlatdy.

Premýer ministr Ýyldyrym agdarlyşyga synanşanlar hakyndaky derňew işiniň giň gerimli ýagdaýda dowam edýändigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar