Breksit karary halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirdi

Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky karary halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirdi

517900
Breksit karary halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirdi
new york borsası brexit.jpg

Halkara pul bazarlarynda iňlisleriň Bileleşigiň düzüminden çykmak baradaky kararyndan soň uly aşaklamalar boldy.

Stambulyň gymmatly kagyzlar biržasynda bolsa aşaklama çäkli boldy.

Stambulyň gymmatly kagyzlar biržasynyň 100 indeksi hepdäniň soňky iş gününi 2 müň 623 bal aşaklap 75 müň 366 bal bilen ýapdy.

Gymmatly kagyzlaryň hümmeti günlük ortaça 3,36 göterim aşaklady.

Sterliniň hümmeti dollar bilen deňeşdirilende 11 göterim aşaklady we 1985-nji ýyldan bäri iň hümmetsiz derejä düşdi.

 

 



Degişli Habarlar