Türkiýe ýerli awtoulag üçin gün sanaýar

Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşyk ilkinji ýerli awtoulagyň 2018-nji ýylyň maý aýynda “Stambul awtoulag sergisinde” tanyşdyryljakdygyny aýtdy

408004
Türkiýe ýerli awtoulag üçin gün sanaýar

Ministr Fikri Yşyk ýerli awtoulagyň önümçiliginiň bolsa 2019-njy ýylyň ahyrynda başlajakdygyny beýan etdi.
Ýerli awtoulag 4 görnüşde öndüriler.
Fikri Yşyk bu barasyndaky beýanatynda: “Bazar seljerişinden serwis ulgamyna çenli ulagyň segmenti C segmentinde bolar. İlkinji öndüriljek ulagyň B we D segmentleri boýunça-da taýarlyklara başlanar. 4-nji prototip 22 dekabrda taýar bolar. Jip atlandyrylýan krosower bolar. Tehniki özboluşlyklary, nyrhy boýunça degişli barlaglar geçirilýär.”


Etiketkalar:

Degişli Habarlar