OPEK-iň nobatdaky maslahaty Wenada geçirilýär

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-iň Wenadaky nobatdaky maslahatynyň ileri tutulýan ugry gündelik nebit önümçilik kwotasy

400469
OPEK-iň nobatdaky maslahaty Wenada geçirilýär

OPEK-e agza ýurtlaryň nebit ministrleriniň gatnaşmagyndaky maslahatda gurama agza 12 ýurduň günlük 30 milliard barrel bolan nebit önümçilik kwotasynyň üýtgäp-üýtgemejekdigi kesgitlener.
Mundan ozal her alty aýdan bir gezek geçirilýän maslahatlarda önümçiligi aşaklatmadyk guramanyň, şol däbi dowam etdirmegine garaşylýar.
Guramada güýçli pozisiýa eýeleýän Saud Arabystany bazar paýyny ýitirmezlik üçin önümçiligiň azaldylmagyna garşy durýar.
Eýran bolsa nebitiň nyrhynyň artmagy üçin kwotanyň azaldylmagyny isleýär.
Dünýädäki jemi nebit önümçiliginiň üçden ikisi OPEK-e agza Eýran, Yrak, Saud Arabystany, Kuweýt, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Alžir, Liwiýa, İndoneziýa, Nigeriýa, Ekwador we Wenezuella tarapyndan öndürilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar