"Ýaşaýyş jaý alana raýatlyk beriler"

Türkiýeden gozgalmasyz emläk alan daşary ýurtlylara raýatlyk berilmegi gün tertibinde

354563
"Ýaşaýyş jaý alana raýatlyk beriler"

Türk gozgalmasyz emläk pudagynyň Pars Aýlagy sebitiniň maýadarlary bilen geçiren duşuşygyna gatnaşan Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Türkiýeden ýaşaýyş jaý alan daşary ýurtlylara gönüden raýatlyk berilmegi baradaky işleriň başlandygyny aýtdy.
Şeýle düzgüniň köp sanly ýurtda bardygyny nygtan Zeýbekji: “Üstünde al reňkli baýdagymyz bolan öý şahadatnamasyna eýe bolanlaryň ählisi biziň raýatymyz. Bu ugurda işler alynyp barylýar. Entek şertlerini doly kesgitlemedik, emma gozgalmasyz emläk alanlara raýatlyk bereris” diýdi.
Mesele boýunça başlangyçlaryň edilendigini nygtan ministr Zeýbekji, Ministrler kabinetine maglumat berendigini, emma onuň güýje girmegi üçin wagt gerekdigini aýtdy.
Zeýbekji hökümetiň gurluşyk pudagyna berýän goldawyna ünsi çekip, daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwynyň eksportyň ugurlaryndan biridigini nygtady.
Ministr Zeýbekji daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satýan firmalar bilen daşary ýurtlylaryň gelýän myhmanhanalary baradaky düzgünnamanyň taýarlanandygyny hem aýtdy.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji şol düzgünnama bilen pudakda iş alyp barýan we ýurda walýuta getirýän firmalaryň hem eksportçy derejesine eýe boljakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar