Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar
Türkiyäniň Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Katar Ykdyadyýet forumyna gatnaşmak maskady bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine bardy
![Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/edd0/dec4/a49f/65dc5d6b01cac.jpg?time=1722044899)
Düýn Belgiýanyň möhüm analitik guramalaryndan biri bolan Bruegelde "Türkiye: Ýewropanyň ekosistemasynda ösmek" temaly çäresinde çykyş eden Mehmet Şimşek ol ýerden bolsa Katara geçdi.
Mehmet Şimşek Doha şäherinde geçirilýän Katar Ykdysadyýet forumynda 2 gün dowam etjek saparyna başlady.
Forumda "Bäsdeş ykdysadyýetleri emele getirmek" temaly bölüminde çykyş etjek Mehmet Şimşek, şeýle hem maýadarlaryň maslahatlaryna gatnaşar.
Mehmet Şimşek foruma gatnaşjak ministrler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.
Degişli Habarlar
![Türkiyäniň ary bal eksporty artdy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e3cf/4642/2645/66a0ce55d5d3d.jpg?time=1722044899)
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiyäniň ary bal eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 17,2 million dollardan geçdi
![Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/51d0/24f3/c74f/620a3ae38ccd9.jpg?time=1722044899)
Hoşboý Ys Pudagynyň Eksporty 113 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýe lawr ýapragy we käkilik oty eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýär