Türkiýe un eksportynda dünýäde birinji orny eýeleýär

Türkiýäniň un eksportynyň 3 million 550 müň tonna ýetirilmegi maksat edinilýär

386037
Türkiýe un eksportynda dünýäde birinji orny eýeleýär

Dünýäniň bugdaý uny söwdasynyň 26,3 göterimi Türkiýeden.
Halkara galla geňeşiniň habarnamasyna görä 2015-2016 möwsüminde dünýäniň bugdaý uny söwdasy 13,5 million tonna barabar boldy.
Türkiýe bugdaý uny eksportynda dünýäde birinji orny eýeleýär.
Birnäçe ýyldan bäri iň köp un eksport edýän ýurt ýagdaýynda bolan Türkiýäniň un eksportynyň ady agzalýan döwürde 3 million 531 müň tonnadan 3 million 550 müň tonna ýetirilmegi maksat edinilýär.
Un eksportda Gazagystan ikinji orny eýeleýär.
Gazagystanyň hem ady agzalýan döwürde 2 million 400 müň tonna un eksport etmegi meýilleşdirilýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar