Wolkswagen kärhanasynda ýüze çykan dawa barha ulalýar

Germaniýanyň ulag öndüriji kärhanasy Wokswagende ýüze çykan zyňyndy testi bilen baglanşykly dawa barha ulalýar

385574
Wolkswagen kärhanasynda ýüze çykan dawa barha ulalýar

Bidüzgünçilkler Germaniýanyň Audi ulaglarynda, Çehiýanyň Skoda ulaglarynda we Ispaniýanyň Seat ulaglarynyň hem käbirlerinde edilendigi anyklandy.
Ýaponiýanyň ulag kärhanalary hem ulaglaryny şol gözegçilkden geçirmäge taýarlanýar.
Ýaponiýanyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi ulag kärhanalaryna dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň zyňyndy testinden geçirilmegini ilsedi.
Ýaponiýada Toýota, Nissan, Mazda we Mitsubişi ýaly ulag kärhanalary dizel ýangyjy bilen işleýan ulag öndürýär.
Hazirki wagta çenli Günorta Koreýadaky, Britaniýadaky we Fransiýadaky ulaglaryň şol testden geçiriljekdigi mälim edildi.
Wolkswagen bütin dünýäde 11 million ulagynda hile edilendigini kabul etdi.
Germaniýanyň Audi kärhanasynyň 2 million 100 müň ulagynda, Çehiýanyň Skoda kärhanasynyň 1 million 200 müň ulagynda we Ispaniýanyň Seat kärhanasynyň 700 müň ulagynda hilelik edilendigi anyklandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar