HPG-niň Özbegistan baradaky habarnamasy

Halkara Pul Gaznasy Özbegistanyň ykdysady, söwda we maliýe ulgamlary boýunça oňyn habarnama çap etdi

389219
HPG-niň Özbegistan baradaky habarnamasy

HPG bilen Özbegistanyň arasynda geçirilen gepleşikler 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanypdy.
HPG gepleşiklerden soň Özbegistanda hususy pudagyň ösdürilmegi, hususylaşdyrmalaryň depgininiň güýçlendirilmegi, konstruktiw dolanşyk ulgamyna geçilmegi we telekeçileriň öňündäki ähli päsgelçilikleriň aýrylmagy baradaky soňky kanuny özgertmelere kanagatlanma bildirdi.
Habarnamada Özbegistanyň ykdysadyýetiniň geljek ýyllarda ösjekdigi barada çaklama berilýär.
Ýurt üçin 2016-njy ýylda 7, 2017-nji ýylda 6,7 we 2018-2020-nji ýyllaryň aralygynda bolsa 6,5 göterimlik ösüş çak edilýär.
Habarnamanyň maslahatlar bölüminde bolsa Özbegistany ýurtda walýuta ulgamynyň liberallaşdyrylmagy we walýuta çäklendirmeleriň bes edilmegi boýunça başlangyç etmäge çagyrýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar