Awgust aýynyň ýolagçy sany barada hasabat berildi

Türkiýäniň döwlet howa ýollary guramasy şu ýylyň awgust aýy bilen baglanşykly hasabat berdi

376496
Awgust aýynyň ýolagçy sany barada hasabat berildi

Türkiýede howa ýollary bilen syýahat edýän ýolagçylaryň sany awgust aýynda 21,5 milliona, 2015-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda bolsa 122 million adama ýetdi.
Türkiýäniň döwlet howa ýollary guramasy awgust aýy bilen baglanşykly hasabat berdi.
Türkiýedäki howa menzillerinde awgust aýynda 21 million 577 müň 768 ýolagçy geçdi.
Şu ýylyň başyndan bäri ýolagçy sany 122 million 62 müň 428 ýetdi.
Awgust aýynda howa menzillerinden hyzmat alan uçarlaryň sany bolsa 157 müň 765-e ýetdi.
Beýleki tarapdan Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzillerindäki ýolagçylaryň sany 19 göterim artdy.
Awgust aýynda awiaýükdaşama hem 2 million 39 müň 130 tonna ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar