Türkiýe 217 müň 500 tonna funduk eksport etdi

Sewinç 2015-2016-nji ýyllar aralygyndaky funduk eksport sezonynyň 1-nji sentýabrda başlandygyny mälim etdi

373242
Türkiýe 217 müň 500 tonna funduk eksport etdi

Garadeňiz funduk we funduk önümleri bileleşiginiň ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Sewinç fundugyň 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda eksport edilmäge başlanandygyny we 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanandygyny habar berdi.

Şol döwürde fundugyň 100-den gowrak döwlete eksport edilendigini nygtan Sewinç: “2014-2015-nji ýyllar aralygynda 217 müň 500 tonna funduk eksport etdik. Eksport edilen fundukdan jemi 2,9 milliard dollar girdeji aldyk” diýdi.

Sewinç 2015-2016-nji ýyllar aralygyndaky funduk eksport sezonynyň 1-nji sentýabrda başlandygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar