Ukraina ykdysady krizisine wagtlaýyn çözgüt tapdy

Kreditorlar Ukrainanyň bermeli 4 milliard dollaryndan geçdiler

371224
Ukraina ykdysady krizisine wagtlaýyn çözgüt tapdy

Ukrainanyň 19 milliard dollar möçberindäki daşary ýurt bergisiniň 20 göterimi halkara kreditorlar tarapyndan geçilendigi we bergisiniň ýaňadandan guralandygy habar berildi.

Ukrainanyň Premýer ministri Arseniý Ýatsenýuk 6 aý bäri kredit berenler bilen dowam etdirilýän gepleşikleriň oňaýly netijelenendigini mälim etdi.
Ýatsenýuk Kiýewde beren beýanatynda kreditorlaryň bergileriň 20 göteriminden ýagny 4 milliard dollardan geçendiklerini, bergileriň tölegleriniň bolsa 4 ýyl yza süýşirilendigini belledi.

Ukrainanyň Maliýe ministrligi 2015-nji ýylyň 12-nji martynda bergileriň ýaňadandan gurnalmagy maksady bilen halkara kreditorlar bilen gepleşikleri geçirmäge başlapdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar