Global bazarlar hepdä howsalaly satuwlar bilen başlady

Hepdäniň açylyşynda esasanda Hytaýyň ykdysady ösüşi baradaky aladalaryň artmagy bazarlara ýaramaz täsir ýetirdi

340041
Global bazarlar hepdä howsalaly satuwlar bilen başlady

Aziýanyň biržalarynda esasy aşaklama 9 göterim bilen Hytaýda görüldi.
Ýaponiýanyň Nikkei 225 indeksi 4,8 göterim aşaklan bolsa, Hindistandaky ýitgi 4 göterime deň boldy.
Howsalaly satuwlaryň täsiri bilen indeksiň möhletli opersaiýalarynyň şertnamalary hem täze hepdä 3 göterimlik aşaklama bilen başlady.
Aziýadaky aşaklama Ýewropanyň bazarlaryna-da täsirini ýetirdi.
Londonyň biržasy 2,6, Frankfurtyň biržasy 3,15, Parižiň biržasy bolsa 3,57 göterim aşaklady.
Analitikler weksel bazarynda görülýän satuwlaryň birdenkä aşaklan gymmatly harytlaryň nyrhlary we firmalaryň paýnamalaryndaky güýçli satuwlar bilen birleşip, howsala dördendigini beýan eýdärler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar