Krizisler dünýä bazarlaryna öz täsirini ýetirýär

Hytaýdaky dewalwasiýa we Gresiýadaky syýasy krizis dünýä bazarlaryna öz ýaramaz täsirini ýetirýär

337305
Krizisler dünýä bazarlaryna öz täsirini ýetirýär

Hytaýyň senagat pudagy 2009-njy ýyldaky krizisden bäri iň agyr pursatlary başyndan geçirýär.
Dünýä bazarlarynyň togtap biljekdigi baradaky gürrüňlerden soň, nebitiň bahasy soňky 30 ýylyň iň pes görkezililerine eýe boldy.
Bahasynyň 8 hepde bäri arzanlap gelýän Amerikan nebitiniň her barreli 40 dollara, Demirgazyk deňiz nebitiň barreliniň bahasy bolsa 46 dollara çenli arzanlady.
Altynyň bahasy bolsa soňky 1 aýyň iň ýokary görkezijilerine eýe.
Ösüp barýan walýuta bazarlaryndaky halkara pullaryň hümmeti dollara görä peselýär.
Esasan hem Hytaý bilen söwda edýän ýurtlaryň walýutalarynyň hümmeti peselýär.
Malaýziýanyň walýutasy ringgitiň hümmeti soňky 17 ýylyň, Saud Arabystanynyň walýutasy riýalyň hümmeti soňky 7 ýylyň iň pes görkezijilerine eýe.
Hytaý bilen söwda babatynda gowy gatnaşyklary bolan Gazagystanyň milli walýutasy tengeniň hümmeti 22 göterim peseldi.
Dollara görä diňe ýewronyň ÝB-niň ykdysadyýetiniň gowy netijelerine görä hümmeti artdy.
Gongkong biržasynyň 5 göterim, Şanhaý biržasynyň bolsa 11 göterim ýitgisi boldy.
Ösüp barýan 45 ýurduň biržalary şu ýylyň iň erbet hepdesini başyndan geçirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar