Gresiýa karzyny tölemegiň hötdesinden geldi

Gresiýa Ýewropanyň Merkezi bankyna 20-nji awgustda tölemeli 3,2 milliard ýewrolyk karzyny wagtynda töledi

335645
Gresiýa karzyny tölemegiň hötdesinden geldi

Şeýlelikde resmi Afyny Ýewropanyň guramalaryndan alan üçünji halas ediş bukjasy bilen bankrot bolmakdan halas boldy.
Emma ýurtda syýasy çykgynsyzlyk emele geldi.
Premýer ministr Aleksis Çipasyň liderlik edýan Siriza partiýasynda halas ediş bukjasyna garşylyk görkezilmegi möhmetinden irki saýlaw ähtimallygyny gün tertibine getirdi.
Sirizadaky bölünşige halas ediş bukjasynyň Gresiýanyň özgertmeleri dowam etmegini göz öňünde tutmağy sebäp bolýar.
Şeýlelikde Çiprasyň ýolbaşçylyk edýän hökümeti beren wadalarynyň tersine 50 milliard ýewrolyk hususylaşdyrma maksatnamasyny we 28 milliard ýewrolyk tygşytlylyk çärelerini durmuşa geçirmeli bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar