Ýewro giňişligi Gresiýa goldaw berýär

Germaniýa Gresiýanyň üçünji halas ediş bukjasyny kabul etdi

334490
Ýewro giňişligi Gresiýa goldaw berýär

Ýewro giňişligine degişli ýurtlar Gresiýanyň üçünji halas ediş bukjasyna goldaw bermäge dowam edýär.
Ispaniýadan soň Germaniýa hem Gresiýanyň ÝB, Halkara pul gaznasy we Ýewropanyň merkezi banky bilen baglaşan 86 milliard ýewrolyk kredit bölegini öz içine alýan üçünji halas ediş bukjasyny kabul etdi.
Germaniýanyň Parlamentinde geçirlen sese goýulşykda 454 halk deputaty “kabul,” 113 halk deputaty hem “garşy” ses berdi.
18 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.
Ispaniýa hem Gresiýa 3-nji halas ediş bukjasynyň çäginde kömek berilmegini 297 ses bilen kabul edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar