Türkiýe ÝB-niň iň uly 5-nji hyzmatdaşy

Türkiýe we ÝB-niň arasayndaky söwda gatnaşyklary gün saýyn artýar

332865
Türkiýe ÝB-niň iň uly 5-nji hyzmatdaşy

Şu ýylyň ilkinji 6 aýyndaky netijelere görä Türkiýe Ýewopanyň iň uly 5-nji hyzmatdaşy.

Ýewropanyň Hasabat guramasynyň (Eurostat) berýän maglumatlaryna görä 2015-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda Türkiýäniň we ÝB-niň arasynda 41 milliard ýewrolyk import we 30,2 milliard ýewrolyk eksport amala aşyryldy.

Şeýlelik bilen Türkiýe jemi 71,2 milliard ýewrolyk söwda kuwwaty bilen Norwegiýany hem geçip, ÝB-niň iň uly 5-nji söwda hyzmatdaşy boldy.

ÝB-niň iň uly söwda hyzmatdaşy 308,6 milliard ýewrolyk söwda kuwwaty bilen ABŞ boldy.

ABŞ-dan soň 251,4 milliard ýewro bilen Hytaý we 125 milliard ýewro bilen Şweýsariýa gelýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar