Liderler Gresiýa meselesinde ikä bölündi

Gresiýa çarşenbe gününe çenli özgertleriň parlament tarapyndan tassyklanmagy üçin möhlet berildi

379742
Liderler Gresiýa meselesinde ikä bölündi

Ýewro giňişligine girýän ýurtlaryň liderleri Gresiýa meselesinde ikä bölündi.
Germaniýa özgertmerleri kabul etmän halatynda Gresiýanyň 5 ýyl möhlet bilen ýewro giňişliginden çykarylmagyny isleýär.
Fransiýa wagtlaýyn hem bolsa Gresiýanyň ýewro giňişliginden çykarylmagyna garşy.
Brýuselde jemlenşen ýewro giňişligine girýän ýurtlaryň Maliýe ministrleri Gresiýanyň 3 gününiň içinde özgertmerleriň parlament tarapyndan tassyklanmagyny talap edýär.
Ýewro giňişliginiň liderleri hem Maliýe ministrleriniň tekliplerini ara alyp maslahatlaşýar.
Maliýe ministrleri Gresiýanyň salgytlaryň artdyrylmagy, hormatly dynç alyşdakylaryň aýlyk günlükleriniň aşakladylmagy we hususylaşdyrma etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi ýaly özgertleri kabul edendigini nygtaýar.
Gresiýa çarşenbe gününe çenli özgertleriň parlament tarapyndan tassyklanmagy üçin möhlet berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar