BRİKS-iň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty

Russiýanyň Başgyrdystan Awtanomiýasynyň paýtagaty Ufa şägerinde geçirilýän maslahata BRİKS-e agza ýurtlar bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryn wekilleri gatnaşýarlar

338298
BRİKS-iň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty

Maslahatda wekiliýetler özara we köp taraplaýyn gepleşikler geçirýärler.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem köp sanly duşuşyklar geçirýär.
Russiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçirilýän maslahatda agzalar jemi maýasy 100 milliard dollara barabar boljak BRİKS-e agza ýurtlaryň walýuta ätiýajy gaznasynyň döredilmegi barada karar kabul etdiler.
Gazna agza ýurtlarda nagt ýetmezçiligi ýüze çykan halatynda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin peýdalanylar.
Şeýlelikde Halkara Pul Gaznasynyň agza ýurtlardaky pozisiýasynyň ortadan aýrylmagy maksat edinilýär.
Bilelikdäki gazna Hytaý 41 milliard, Braziliýa, Hindistan we Russiýa 18 milliarddan, Günorta Afrika Respublikasy 5 milliard dollar goşant goşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar