Gresiýa ertire çenli goşmaça möhlet

Bu barada Brýusselde geçirilen maslahatda karar berildi

336793
Gresiýa ertire çenli goşmaça möhlet

Gresiýadaky referendumdan soň Brýusselde nobatdan daşary maslahat geçiren ýewro giňişligine girýän ýurtlaryň liderleri, Gresiýa anyk teklip hödürlemegi üçin ertire çenli möhlet berdi.
Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çiprasyň 47 sahypadan ybarat teklibini seljeren liderler, mazmuny karz serişdeleriniň ýaňadandan goýberilmegi üçin ýeterlik däl diýip tapdy. Çünki Çiprasyň hödürlän teklibi tas ozalkylar bilen birmeňzeş.
Çiprasa has giňişleýin we anyk özgertmeler meýilnamasyny öz içine alýan teklip taýarlamagy üçin ertire çenli goşmaça möhlet berildi.
Ýewro giňişligine girýän ýurtlaryň liderleri Gresiýa meselesini çözmek üçin 12-nji iýul ýekşenbe güni soňky gezek jemlenşmek barada netijä geldiler.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk maslahatdan soň beren beýanatynda “bu hepde soňky möhlet” diýdi.
Tusk “Gresiýanyň bankrot bolmagy we banklaryň çökgünlige sezewar bolmagy bütin Ýewropa zyýanly täsir ýetirer. Başgaça pikirlenmek düşünjesizlik bolar” diýdi.
Gresiýa bilen ylalaşylmagy üçin ABŞ hem araçy bolýar. ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama maslahatdan ozal liderler bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Gresiýanyň ýewro giňişliginde galmagynyň ähmiýetini nygtady.
Emma Germaniýanyň başda durmagyndaky topar Gresiýanyň “anyk we giň gerimli meýilnama” hödürlemegi meselesinde erjel.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ýekşenbe gününiň Gresiýanyň halas ediş maksatnamasy taýdan “hawa ýa-da ýok” manysyny aňladýandygyny aýtdy.
Merkel Gresiýanyň karzynyň bir böleginiň geçilmeginiň ara alynyp maslahatlaşylmagynyň gün tertibinde däldigini nygtady.
İtaliýanyň Premýer ministri Matteo Renzi hem “Men ýekşenbe güni Gresiýa bilen soňky maslahatymyz bolar diýip tama edýärin” diýdi.
Premýer ministr Çipras bbolsa tekliplerini hödürländiklerini we maksatlarynyň hepdäniň ahyryna çenli ylalaşyk gazanylmagydygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar