Çipras halka çagyryş berdi

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras ýurtda banklaryň ýapylmagy sebäpli ýüze çykan agyr şertlerden ýewropalylaryň jogapkärdigini öňe sürdi

328354
Çipras halka çagyryş berdi

Çipras kreditorlaryň grek halkyna ýekşenbe güni geçiriljek referendumda “kabul” sesini bermegi üçin basyş edýändigini öňe sürüp, “garşy” ses bermäge çagyrdy.
Çipras teleýaýlymlardan beren ýüzlenmesinde Ýewropada başga ýurtlarda-da referendumlaryň geçirilýändigini, emma Gresiýa meselesinde tapawutly standardyň bardygyny aýtdy.
Banklaryň ýapylmagyndan ýewropalylaryň jogapkärdigini öňe süren Premýer ministr Çipras: “Ýewropalylaryň çemeleşmesi ýerliksiz. Hökümet halka söz hukugyny berendigini üçin banklary ýapdylar. Grek halkyna wagt bermediler” diýdi.
Gresiýanyň henizem gepleşik stolunyň başyndadygyny bellän Çipras, ýekşenbe güni referendumdan “garşy” sesiň çykmagynyň Ýewropa bilen gatnaşyklary kesmeklik manysyny aňlatmaýandygyny, tersine Ýewropanyň gymmatlyklaryna dolanyp barmak diýmeklikdigini öňe sürdi.
Grek halky ýekşenbe güni nagt dolanşygynyň ýaňadandan üpjün edilmeginiň öwezinde kreditorlaryň öňe sürýän şertlerini kabul etmek ýa-da etmezlik üçin ses berer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar