S&P Gresiýanyň balyny ýene-de aşaklatdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standart&Poors Gresiýanyň kredit balyny CCC -den CCC - derejesine aşaklatdy

325341
S&P Gresiýanyň balyny ýene-de aşaklatdy

S&P-niň resmi saýtyndan berilen beýanatda Gresiýanyň CCC derejesindäki kredit balynyň hökümetiň resmi kreditorlaryn teklip eden karz şertlerini referenduma hödürlemek baradaky kararyndan soň CCC- derejesine aşakladylandygyny mälim etdi.
Beýanatda Gresiýanyň Ýewro giňişliginden çykma ähtimallygynyň 50 göterime golaýdygy nygtalyp: “Gresiýanyň şertlerinde garaşylmadyk ýaramazlyklaryň başdan geçirilen halatynda ýurdun geljek 6 aýyň dowamynda default bolmagy gutulgysyz” diýilýär.
Gresiýanyň şu gün Halkara Pul Haznasyna 1,6 milliard ýewro tölemelidi, emma käbir çeşmeler onuň amala aşyrylyp bilinmejekdigini mälim etdi.
Derejelendiriş guramasy ýurduň balyny 11-nji iýunda CCC+ derejesinden CCC derejesine aşakladypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar