Gresiýanyň ministri kreditorlardan nägile…

Gresiýanyň Maliýe ministri Ýanis Weroufakis İrlandiýanyň milli radiosyna beren beýanatynda grek halkynyn mundan beýläk kreditorlaryň täsin talaplaryna boýun egmejekdigini aýtdy

320655
Gresiýanyň ministri kreditorlardan nägile…

Gresiýa ýaşaýyş mümkinçiligini bermeýän haýsydyr bir çözgüdi kabul etmejekdigini nygtan Weroufakis, ýurdunyn Ýewro giňişliginde galmakda ygrarlydygyny aýtdy.
Ýewro giňişligine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleriniň Gresiýadaky maliýe çözgünligine çözgüt tapmak maksady bilen hödürlenen meýilnamany ara alyp maslahatlaşan düýki mejlisden netije çykmandy.
Gresiýa kreditorlaryň halas ediş bukjasyndaky 7,2 milliard ýewrony bermän halatynda aýyň ahyryna çenli Halkara Pul Gaznasyna tölenmeli 1,6 milliard ýewro karzy töläp bilmez.
Algydarlar Gresiýada degişli özgertmeleriň edilmegini isleýän bolsa, resmi Afyny agyr netijeden gutulmaga synanşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar