Ýaşaýyş jaý satuwy artdy

Aprel aýynda 119 müň 317 ýaşaýyş jaýy satyldy

288642
Ýaşaýyş jaý satuwy artdy

Türkiýede ýaşaýyş jaý satuwy üstümizdäki ýylyň aprel aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 42,7 göterim ýokarlady.
Türkiýede aprel aýynda 119 müň 317 ýaşaýyş jaýy satyldy.
Stambulda 23 müň 197, Ankarada 14 müň 1, İzmirde bolsa 7 müň 669 ýaşaýyş jaýy satyldy.
Aprel aýynda daşary ýurtlylar Stambulda 584, Antalýada 507, Bursada we Ýalowada 133, Aýdynda 90, Mersinde 76 we Sakarýada 63 jaý satyn aldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar