Bütindünýä energetika ykdysadyýeti maslahaty Antalýada geçiriler

38-nji Bütindünýä energetika ykdysadyýeti maslahaty üstümizdäki aýyň 25-27-si aralygynda Antalýan şäherinde geçiriler

282010
Bütindünýä energetika ykdysadyýeti maslahaty Antalýada geçiriler

Halkara Energetika Ykdysadyýeti Bileleşigi bilen Energetika ykdysadyýeti guramasy tarapyndan guralan maslahatda energiýa serişdeleri ähli taraplaýyn ara alynyp maslahatlaşylar, gaýtadan işlenip bilinýän energiýa serişdeleriniň ýany bilen kömür we ýadro tehnologiýalary barada çykyşlar ediler.
Halkara Energetika Ykdysadyýeti Bileleşiginiň başlygy prof.dr. Gürkan Kumbarogly nebit we tebigy gaz daşamakda geosyýasy ýerleşişiň ähmiýeti, şeýl gazy bilen nebitiň geljegi we energiýa maýa goýumlarynyň maliýeleşdiriş usullary barada-da pikir alyşyljakdygyny nygtady.
Kumbarogly ýylyň ahyrynda Parižde gol çekişilmegine garaşylýan global howa ylalaşygy baradaky gepleşik tapgyrynyň hem giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýan maslahatdan soň 28-nji maýda Stambulda tomusky okuwlaryň açyljakdygyny aýtdy.
Antalýadaky maslahatyň çäginde 74 mejlis we 2 işjeň maslahat geçiriler.
Maslahata ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Ýaponiýa bilen birlikde 100-den gowrak ýurtdan 400-den gowrak wekiller, hünämenler, alymlar, syýasatçylar, maýdarlar, talyplar gatnaşarlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar