"Ösüşiň esasy çeşmesi durnuklylyk we ynam şerti"

“12 ýylda ykdysadyýetimiz 230 milliard dollardan 800 milliard dollara çenli baryp ýetdi”

278990
"Ösüşiň esasy çeşmesi durnuklylyk we ynam şerti"

Wise-premýer Ali Babajan Şanlyurfada işewür adamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Türkiýäniň ykdysady ösüş depginine ünsi çeken Ali Babajan durnuklylygyň we ynam şertiniň ösüşiň özenini emele getirýändigini nygtady.
Babajan “12 ýylda ykdysadyýetimiz 230 milliard dollardan 800 milliard dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.
Terroryň ortadan aýrylmagy üçin alnyp barylýan çözgüt etaby barada hem durup geçen Babajan “Çözgüt etaby bilen birlikde emele gelen oňyn atmosfera jebisligi we bitewili hem ýany bilen alyp geldi. Durnuklylyk we ynam şerti ýurdumyzyň eýe bolan esasy çeşmesidir” diýip belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar