Türksat 2A emeli hemrasy iş möhletini tamamlaýar

Hemra arkaly berilýän ýaýlymlar Türksat 4A hemrasyna getçiriler

121843
Türksat 2A emeli hemrasy iş möhletini tamamlaýar

Türk paýdarlar jemgyýetinden berilen beýanata laýyklykda Türksat 2A hemrasynyň ulanyş möhleti 2016-njy ýylyň başynda gutarýandygy sebäpli şol hemra arkaly berilýän ýaýlymlar Türksat 4A hemrasyna geçiriler. Täze kanallary bilen bilelikde Türksat hemralaryndaky teleýaýlymlaryň sany 500-den geçer.
Türksat ýaýlym aktuallaşdyryş ulgamy bilen utgaşykly hemra alyjylary täze tolkunlary öz-özünden aktuallaşdyrar.
Beýleki hemra alyjylary üçin bolsa Türksat kärhanasynyň internet saýtynda berilen görkezijiler bilen “Ulgam seljerişi” edilmeli.
Türksat 4A hemrasyna geçjek tele-radio ýaýlymlaryň tokunlaryndaky özgertmeler 17-nji sentýabrdan 18-nji sentýabra geçilýän gije ediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar