Bal Eksportundan 11 Million 477 Müň 245 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

4 aýda 40 ýurda we erkin söwda zolagyna bal eksport edildi

2145974
Bal Eksportundan 11 Million 477 Müň 245 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türkiýeden ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan 11 million 477 müň 245 dollarlyk bal eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginin dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda 40 ýurda we erkin söwda zolagyna bal eksport edilendigini aýtdy.

Kalýonju ady agzalýan döwürde 3 müň 7 tonna bal eksport edilip 11 million 477 müň 245 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.

Bal eksportunda ABŞ, Germaniýa we Ispaniýa esasy orun eýeledi.

4 aýda ABŞ-da 3 million 963 müň 636, Germaniýa 3 million 126 müň 576 we Ispaniýa 608 müň 580 dollarlyk bal eksport edildi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar