Goranyş senagatynda eksport maksady 1,5 milliard dollar

117367
Goranyş senagatynda eksport maksady 1,5 milliard dollar

Türk senagatçylary we işewür adamlary jemgyýeti TÜSİAD-yň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haluk Dinçer goranyş senagaty pudagynda öndürilen tehnologiýalaryň eksport edilmeginiň iňňän möhümdigini belläp “Şu ýyl eksport mukdarynyň 1,5 milliard dollara ýetjekdigini çak edýärin” diýdi.


Dinçer beren beýanatynda goranyş senagatynyň Türkiýe üçin iňňän möhüm pudaklardan biridigini, şol ugurda uly işleriň alynyp barylýandygyny, olar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtady.
Türkiýede goranyş pudagynda esasanda Goranyş senagaty guramasynyň syýasatynyň “möhümdigine” ünsi çeken Dinçer “offset”, ýagny deňagramlyk atlandyrylýan senagata ýerli gatnaşygyň mukdarynyň artandygyny aýtdy.
Geçen ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda 872 million dollara barabar eksport eden goranyş senagaty pudagy, şu ýylyň degişli döwründe bolsa 1 milliard 51 million 525 müň dollarlyk eksport etdi. Şol döwürde esasan goranyş we awiasiýa eksporty ýene-de ABŞ-na edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar