Zeýbekçi Türkiýäniň ykdysadyýetde ýeten sepgidine ünsi çekdi

“2013 Kaýseri eksportynyň ýyldyzlary” baýraklary eýelerine gowşuryldy

115536
 Zeýbekçi Türkiýäniň ykdysadyýetde ýeten sepgidine ünsi çekdi

Senagat we söwda şäheri Kaýseride eksportyň höweslendirilmegi maksady bilen berilýän “2013 Kaýseri eksportynyň ýyldyzlary” baýraklary eýelerine gowşuryldy.


Baýrak gowşurlyş dabarasyna Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi bilen Energetika we tebigy serişdeler minisrti Taner Ýyldyz hem gatnaşdy.


Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Türkiýäniň tanylmal işewür adamlarynyň gatnaşmagyndaky dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň ykdysadyýetde ýeten sepgidine ünsi çekdi.


Türkiýäniň Halkara pul gaznasyna karz pul berýän ýurt ýagdaýyna gelendigini aýdan Zeýbekçi “Türkiýede dünýäniň iň uly howa menzillerinden biriniň gurluşygyna badalga berildi. 36 milliard dollarlyk eksportymyz 152 milliard dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.


Dünýäniň söwda kartasynyň üýtgändigini we Türkiýäniň hem şol täze dünýäde mynasyp ýerini aljakdygyny aýdan Zeýbekçi, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi üçin tutanýerli tutum alyp barjakdygyny ýatlatdy.


Energetika we tebigy serişdeler minisrti Taner Ýyldyz hem çykyşynda birnäçe howpa garamazdan Türkiýäniň ykdysadiýetiniň ösmäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar