Kastamonudaky türkmen talyplary milli saz guraly gopuz bilen çykyş edýärler

Kastamonuda okaýan türkmen talyplary türkmeniň milli saz guraly gopuzda milli sazlary ýerine ýetirýärler. 

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi. Şeýle hem, çäreleriň çäginde Hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi, türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabaralar guraldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.


Etiketkalar: Kastamonu , saz , gopuz