Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Gambiýada geçiriler
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň her 3 ýylda bir gezek geçirilýän sammiti şu ýyl 4-5-nji maý aralygynda Gambiýada geçiriler
![Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Gambiýada geçiriler](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/276a/904d/eca3/6633527381a7b.jpg?time=1722044617)
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň esaslandyrylmagyndan bäri tapawutly ýurtlaryň ýer eýeçilik etmeginde 14 sammit geçirilen bolsa, 15-nji sammit 4-5-nji maý aralygynda Gambiýanyň paýtagty Banžul şäherinde geçiriler.
Sammit "Durnukly galkynyş üçin diýalog arkaly jebisligiň we raýdaşlygyň güýçlendirilmegi" temasy bilen geçiriler.
Sammitde Yslam dünýäsiniň sezewar galan gyssagly kynçylyklary, düzgünnamada bar bolan maksatlara ýetmek ugrunda agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň artdyrylmagy, kiçi we orta ululykdaky kärhanalary ýaňadandan janlandyrmak ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722044618)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy