Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň türkmenistana döwlet sapary

Düýn Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi

1184670
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň türkmenistana döwlet sapary

Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desselerini gowşurdy we koreý Liderine duz-çörek hödür edildi.

Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ulag kerweni howa menzilinden motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda sapar mahaly myhmanyň kabulhanasy ýerleşýän kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Ertir — 17-nji aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçiriler. Onuň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Onda ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistany özüniň wajyp we ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar.

Bu gatnaşyklar deňhukukly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar. Ýokary derejede, şol sanda hökümetara we pudagara derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar iki dostlukly ýurduň köpugurly gatnaşyklaryň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ähmiýet berýändigini tassyklaýar. Bu duşuşyklar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli we işewür pikir alyşmalar bilen utgaşýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara hem-de sebitara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini goldamak arkaly, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtamak gerek.

Biziň ýurtlarymyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, suw, ulag hem-de energetika diplomatiýasy, durnukly ösüş ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini bellemeli.

Soňky ýyllarda däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklary täze ösüşe eýe boldy we onuň üsti ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde geçirilen mejlisinde bu barada aýdyp, ykdysady ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde özara peýdaly gatnaşyklary, netijeli işewür duşuşyklary giňeltmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, senagat toplumynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýurdumyz milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, kuwwatly senagat düzümleriniň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça döwrebap kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary amala aşyrmak bilen, täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary, oňyn tejribeleri giňden ornaşdyrmagy esasy ugur edinýär. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň işewür we maliýe düzümleriniň wekilleri, şol sanda nebitgaz, dokma, lukmançylyk senagaty, gurluşyk pudagy, ulag hem-de aragatnaşyk, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikleriň açylýandygyny äşgär edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň şu ýylyň fewral aýynda Seulda geçirilen 7-nji mejlisiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemek zerurdyr. Şol günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirdi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalary indi köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýarlar. Olar iri düzümleýin taslamalaryň, şol sanda nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, awtoulag we beýleki ulgamlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar. “Galkynyş” käninde tebigy gazy arassalaýan kärhananyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtomobil benzinini öndürýän gurnamanyň, şeýle hem Gyýanly şäherçesinde polipropilen we polietilen öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşyklaryny mysal hökmünde getirmek bolar. Bu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglary parkynyň agramly bölegini koreý önümçiligi bolan awtomobiller tutýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlary üçin şolaryň uly tapgyry ýurdumyza getirildi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň möhüm böleginiň biri bolup durýar. Onuň üstünlikli ösdürilmegine ikitaraplaýyn ähmiýet berilýär. Bilim, ylym hem-de medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan ösmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklary assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Ol sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda festiwallaryň, konsertleriň, sergileriň, döredijilik wekiliýetlerini alyşmagyň medeni çärelerini guramakda möhüm orun eýeleýär.

«Merkezi Aziýanyň bahar festiwaly» atly giň möçberli çäräniň çäklerinde 20-nji martda Seulda açylan sergide Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty görkezildi. Koreýanyň halkara alyşmalar gaznasy tarapyndan guralan bu festiwal Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu senäni halkara baýram hökmünde yglan etmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyldy.

Umuman, munuň özi iki ýurduň öz ösüşinde hil taýdan täze tapgyra gadam goýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalarynyň we oňa taýýardygynyň, Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan bäri gelýän köpasyrlyk dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryna bolan özara ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.

* * *

Şu gün “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet saparyna gabatlanyp, iki ýurduň hökümet agzalarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de soňky ýyllarda iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşiniň derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu gezekki ýokary derejede geçiriljek gepleşikler giň ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Koreý wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işi üçin Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän we häzirki döwürde milli hem-de halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýän türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky, hususan-da, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa önümleriniň önümçiligi we nebithimiýa toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly taslamalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar ägirt uly mümkinçilikleri bolan işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça birnäçe anyk ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda ylmy-tehniki we tehnologiýa babatda tejribe alşylmagyna hem aýratyn üns berildi.

Bu ýere ýygnananlar ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy özboluşly ruhy hem-de maddy medeniýete baýdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirer.

Duşuşygyň ahyrynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine hem-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. (TDH)



Degişli Habarlar