Türkmenistanda Energetika forumy geçirildi

Türkmenistanda energiýa pudagynyň daşky gurşaw bilen bagly taraplarynyň ara alynyp maslahatlaşylan halkara energiýa forumy geçirildi

2150200
Türkmenistanda Energetika forumy geçirildi
Türkmenistan’da Enerji Forumu Düzenlendi 2.jpeg
Türkmenistan’da Enerji Forumu Düzenlendi 3.jpeg
Türkmenistan’da Enerji Forumu Düzenlendi 4.jpeg
Türkmenistan’da Enerji Forumu Düzenlendi 5.jpeg

31 ýurtdan 250-den gowrak delegatyň gatnaşmagynda geçirilen forumda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny we ýaşyl energiýany azaltmagyň usullary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä daşky gurşaw gününe bagyşlanan çäreleriň çäginde Aşgabatda "Uglewodorod baýlyklarynyň daşky gurşaw taraplary" atly forum geçirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýer eýeçilik etmeginde dünýä energiýa bazarlaryny emele getirýän guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň energiýa kärhanalarynyň we 31 ýurtdan 250-den gowrak delegadyň gatnaşmagynda forum geçirildi.

Türkmen forumyň müdüri Nazar Atajanow: “Bu forumda nebit we tebigy gazlary özleşdirilýän mahaly zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagy üçin amal aşyrylýan işler ele alyndy. Ýaşyl energiýa Türkmenistan üçin örän möhüm. Bilişiňiz ýaly Türkmenistanyň tebigy şertleri ýaşyl energiýanyň ösmegi taýdan örän amatly. Eýýäm birnäçe wagt bäri günüň şöhlesi we ýeliň üsti bilen energiýanyň özgerdilmegi bilen bagly işler alynyp barylýar” diýip habar berdi.

Maslahata gatnaşyjylar gaýtadan işlenýän energiýa çeşmelerine geçişde türkmen energiýasynyň dünýä bazarlaryna integrasiýasyna ünsleri çekdi, uglewodorod önümçiligi bilen bagly täzeçil çemeleşmeler ele alyndy.

Türkmenistan bir tarapdan ekologik mawy ýangyjyň halkara bazarlara daşalmagy üçin tagalla edýän bolsa, beýleki tarapdan tebigy gazy benzine we elektrik toguna öwürip bu ugurdaky eksport kuwwatyny artdyrýar.



Degişli Habarlar