Aşgabatda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk Güni Bellenilip Geçildi

Azerbaýjanyň garaşsyzlyk güni mybasybetli Aşgabatda banket berildi.

2146100
Aşgabatda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk Güni Bellenilip Geçildi
TKM-AZ 1.jpg
TKM-AZ 2.jpg
TKM-AZ 3.jpg

Banketde çykyş eden Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gysmet Gözelow Milli Lider Haýdar Aliýew tarapyndan döredilen Azerbaýjanyň şu günki günde has güýçlüdigini aýtdy.

Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyn 106 ýyllygy Türkmenistanda bellenilip geçildi. Azerbaýjanyň Ilçihanasynda berilen bankede Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiçiň başda durmagynda diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, býurokratlar we medianyň işgärleri gatnaşdylar. Banketde çykyş eden Ilçi Gysmet Gözelow Milli Lider Haýdar Aliýew tarapyndan döredilen Azerbaýjanyň şu günki günde has güýçlüdigini aýtdy.

Bankede Türkmenistanyň adyndan gatnaşan Batyr Taganowiç bolsa Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň liderleriniň öňbaşçylygynda iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Azerbaýjanyň garaşsyzlyk gününi gyzgyn ýürekden gutlaýandygyny aýdan Batyr Taganowiç, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhdan gözbaş alýandygyny hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy, ykdysady we gumanitar taýdan ýokary depginde ösýändigini nygtady.



Degişli Habarlar