Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy

Bu ýerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ýaýbaňlandyrylýar

1108006
Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan iň belent arçada geçirildi. Bu ýerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ýaýbaňlandyrylýar.

Paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen bu meýdança hakykatdan-da ertekilerdäki ýaly täsin görnüşi emele getirdi. Belent başly Täze ýyl arçasynyň ýanyna müňlerçe körpeler we beýlekiler ýygnandylar. Bu ýerde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Hut şu künjekde körpeler üçin ajaýyp başdan geçirmeleri we täze açyşlary bolan dabara guralýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar. Bu ýerde guralýan köp öwüşginli aýdym-sazly, sahnalaşdyrylan dabaralar her bir çagalar baglarynda, mekdeplerde, teatrlarda we medeniýet merkezlerinde dowam edýär. Ajaýyp çykyşlar körpelere ägirt uly şatlyk we ýatdan çykmajak täsirler eçilýär.

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda guralan baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň esasynda ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ady tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň baş şygaryna öwrüldi.

Birnäçe asyr mundan ozal gadymy söwda kerwenleriniň ýoly ýurdumyzyň çäginden geçip, Gündogaryň we Günbataryň ýurtlaryny baglanyşdyrypdyr. Bu ýol häzirki döwürde halkara parahatçylyk we abadançylyk eçilip, döwrebap derejede dikeldilýär. Bu ýörelge şu gün dabaralandyrylýan baýramçylyk çärelerinde çeperçilik taýdan beýan edilýär. Ol körpe nesillere ýurdumyzyň şöhratly taryhy, halk dessanlarynyň we rowaýatlaryň gahrymanlary barada gürrüň berýär.

Meýdançada iki tarapynda milli binagärlik ýörelgeleri esasynda bina edilen diňiň şekili janlandyrylyp, onuň üstünde “2019” belgileri dürli öwüşgin bilen ýalpyldaýar. Birnäçe yşyklandyryjylaryň kömegi arkaly türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň we Täze ýylyň nyşanlary ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Örän bezegli we milli tagamlary bolan altyn öwüşginli ak öýler çar tarapa uzaýan ugurlary alamatlandyrýar. Olar özleriniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen ajaýyp ýurda syýahata çagyrýar. Düýe kerweni baýramçylyk mynasybetli süýji tagamlardan, çagalar üçin niýetlenen sowgatlardan ýüküni tutupdyr.

Şeýle hem bu ýerde ajaýyp Akpamyk we onuň birek-birege gowşup, bagtyýar görnüşdäki doganlary bar. Olaryň ýanynda juwan gyzlar topary halk saz gurallarynda çykyş edip, ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirýärler. Şeýle hem häzirki zaman ertekileriniň we multfilmleriň gahrymanlary çagalara şatlyk paýlaýar.

Ak öwüşginli hem-de ýaşyl arçajyklar baýramçylygyň esasy bezegine öwrülip, ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Meýdançanyň merkezinde bolsa müňlerçe oýnawaçlardan we yşyklandyryjylardan bezegi ýeten belent başly Täze ýyl arçasy seleňläp görünýär. Ol “2019” belgili sekizburçly ýyldyz bilen birlikde beýikligi 38 metr bolan arçadyr. Dürli yşyklandyryjylar dürli şekilleri we milli haly göllerini janlandyryp, arçanyň ägirt uly teleekrana çalymdaşdygyny üpjün edýär.

Onuň töwereginde müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanyşyp, sabyrsyzlyk bilen ajaýyp çykyşlara garaşýarlar. Folklor we tans toparlary, teatr we sirk artistleri baýramçylyk lybaslarynda, halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlarynyň lybaslarynda çykyş edýärler.

Uzakdaky gar basan dag jülgelerinden bu ýerde guralýan baýramçylyga Aýazbaba bilen Garpamyk howlugyp gelýär. Olaryň ýanlarynda halk ertekileriniň gahrymanlary Mämmetjan, akylly Ahmet, Hudaýberdi batyr dagy bar. Olar Aýazbaba dagy bilen duşuşmak üçin köpsanly päsgelçilikleri, başdan geçirmeleri yzda goýdular. Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýurdumyzda bolup geçen özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmak üçin Aýazbaba öz ýoldaşlary bilen meşhur künjeklere tarap gezelenje ugrady we bir wagtlar Türkmenistanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere baryp gördi. 

Ýolugra 2018-nji ýylyň şanly wakalary barada Aýazbaba gürrüň berdiler. Tamamlanýan ýylda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň giň möçberli sport ýaryşlary, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçdi. Täze ulag gatnawlary Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýär. Şu döwürde Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň we syýahatçylaryň müňlerçesi geldi. Olar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, parahatçylyk söýüjilik we abadançylyk ýörelgelerine, baýramlaryna we toýlaryna uly gyzyklanma bildirýärler.

Bularyň ýoly ilki bilen Lebap welaýatynyň çägi boýunça geçdi. Hususan-da, gadymy Horasanyň iri şäherleriniň biri bolan we Ýüpek ýolunyň söwda çatrygynda ýerleşen Amul galasy ösen ylmy bilen şöhrat gazanypdyr.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan kitabynda ýazyşy ýaly, bu şäher Merkezi Aziýanyň gündogar künjeginde ýerleşen halklaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegini şertlendiripdir. Galanyň eteginde guralan bazar bu ýere gelýänleri milli tagamlar bilen garşylapdyrlar.

Soňra olar häzirki Türkmenabat şäherine gelip, şu ýyl Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda oturdylan “Ýürek ýoly” kaşaň binanyň ýanyna geldiler. Welaýat häkimliginiň binasynyň öňündäki esasy meýdançada myhmanlary baş arçasynyň ýanynda guralan dabara gatnaşyjylar uly şatlyk bilen garşyladylar.

Soňra baýramçylyk kerweni Mary şäherine gelip, welaýat kitaphanasynyň obserwatoriýasyna baryp gördüler. Bu ýerde ägirt uly teleskoplar arkaly häzirki zaman ýyldyzy öwrenijiler uzakdaky asman giňişliginiň gizlin syrlaryna çuňňur aralaşýarlar.

Soňra Aýazbaba we onuň ýoldaşlary uçýan halyda Ahal welaýatynyň çägine gelýärler. Bu ýerde hormatly myhmanlary welaýatyň döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary, sahnalaşdyrylan oýunlary bilen garşyladylar. Körpeler ajaýyp arçanyň daşyndan aýlanyp, şatlykly aýdymlary ýerine ýetirdiler we ajaýyp goşgulary okadylar. Şeýlelikde, çagalar Aýazbabanyň sowgatlaryna mynasyp boldular.

Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar hoşniýetli arzuwlar bilen otluda ýurdumyzyň demirgazyk sebitine ugrady.

Olar welaýatyň taryhy ýadygärlikleriniň jemlenen ýerine, “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna geldiler. Mälim bolşy ýaly bu ýer ÝUNESKO-nyň adamzadyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhda şöhrat gazanan bu şäherde Gündogaryň beýik akyldarlary al-Biruny, al-Horezmi, Abu Ali ibn–Sina dagy döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Gadymy binagärleriň, ussalaryň, bezeg işlerini alyp barýan senetkärleriň sungaty bu ýerde gurlan binalarda äşgär duýulýar. Ady rowaýata öwrülen şeýh Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň biziň günlerimize çenli saklanan aramgähleri binagärlik babatda haýran galdyrýar. Il içinde bular barada rowaýatlar aýdylýar. Bu ýerde Aýazbaba we onuň ýoldaşlary dessançy bagşylaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra uçýan haly olary Hazar deňziniň ýakasyndaky giňişlikde ýerleşýän Balkan welaýatyna tarap alyp gitdi. Olar “Bagtyýarlyk” gämisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna geldiler. Bu toplumyň gurlup ulanmaga berilmegi tamamlanyp barýan ýylyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Portuň meýdançasynda oturdylan belent başly arçanyň töwereginde şatlykly aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýaýbaňlandyryldy. Körpe tansçylar, artistler dürli lybaslary geýnip, şatlykly pursatlary sowgat etdiler. Aýazbaba portuň işgärlerine Täze ýylda uly üstünlikler, bu ýerden uzak aralyga ýüzüşe gidýän gämilere bolsa bagtly ýüzüşi arzuw etdi.

Täze ýyl ýörişine gatnaşyjylar jadyly taýajygyň kömegi arkaly Aşgabada gelip düşdüler. Iki gatly awtobuslar kerweniniň ugratmagynda baýramçylyk äheňinde bezelen araba dabara geçýän ýerine tarap ugraýar. Awtobuslarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden paýtagtymyzda geçirilýän baýramçylyga gatnaşmak üçin gelen çagalar bar. Olaryň ýoly paýtagtymyzyň esasy ýollary bilen dowam etdi.

Ýyl-ýyldan özgerýän paýtagtymyzda özboluşly binagärlik aýratynlygy tebigy gözellik bilen utgaşýar. Suw çüwdürimleri we dürli güller, seýilgähleriň, gök zolaklaryň keşbi ak mermerli kaşaň binalar bilen sazlaşyp, baýramçylyk lybasyna bürenip, gaýtalanmajak gözelligi döredýär. Agşam çaglarynda köpsanly arçalaryň bezegleri, dürli şekilleriň özboluşlylygy älemgoşar öwüşgini bilen şäher şaýollaryna we meýdançalaryna özboluşly gözellik çaýýar.

Paýtagtymyzyň köpsanly adamlary, aýdym we tans, folklor toparlarynyň artistleri baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen mübärekleýärler. Çagalar döredijilik toparlarynyň artistleriniň çykyşlary bolsa ajaýyp döredijilik sowgadyna öwrülýär.

Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip, ajaýyp ahalteke bedewlerine tirkelen araba münýärler. Olar ak gar ýaly owadan arabada “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelip, ýolugrunda ajaýyp binalar toplumlaryny synlap lezzet alýarlar.

Şeýlelik bilen baýramçylygyň esasy myhmanlary bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen aýdymlary bilen dürli öwüşginli meýdança gelip, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda saklanýarlar. Aýazbabany we Garpamygy Gündogar senenamasy boýunça Täze ýyly alamatlandyrýan jandarlary şekillendirýän lybasdaky çagalar uly şatlyk bilen gutlaýarlar. 2018-nji ýylyň we täze 2019-njy ýylyň nyşanlary özleriniň ajaýyp goşgularyny gyşyň gahrymanlaryna bagyşladylar.

Soňra belent başly ajaýyp arçanyň ýanynda dabaraly pursatlar, paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, çagalar we ýetginjekler köşgüniň artistleriniň, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň, şeýle hem Täze ýyla döredijilik sowgatlaryny taýýarlan belli estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralaryna giň orun berildi. Olaryň hatarynda “Şatlyk”, “Ak pamyk”, “Galkynyş”, “Gyzyl güljagaz”, “Joşgun” çagalar tans toparlary, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň we Gurjak teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň şadyýan masgarabazlary, oýunçylary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň artistleri bar.

Ähli ýerde gülki sesleri, şatlyk-şagalaň, oýun-dabara höküm sürýär. Türkmen halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda joşgunly tanslar ýaýbaňlandyrylýar. Bu pursatlar diňe bir çagalar üçin däl, eýsem bu ýerde guralan dabara gatnaşýanlar üçin hem täsirli boldy. Aýazbabadan sowgatlary kabul etmek çagalar üçin has-da şatlykly pursatlary emele getirdi.

Aýazbaba we Garpamyk ýurdumyzyň ähli körpeleriniň we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň tutuş halkyna Täze — 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy hem-de hemmelere bagt, jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Olar çagalar hakynda edilýän ýadawsyz tagalla, ýurdumyzda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Bu ýere ýygnanan çagalaryň islegi we Aýazbabanyň jadyly taýagynyň täsiri boýunça ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy Täze ýyl baýramçylygynyň esasy pursatlaryny emele getirdi. Şadyýan çagalar we dabara gatnaşyjylar arçanyň daşyndan uly şowhun bilen aýlandylar. Baş arçanyň yşyklary bolsa göwün göteriji şekilleri döretdi.

Şu pursatda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylandygyny, şeýlelik-de, bu pursatlaryň ýatda galyjy wakalara beslenendigini bellemeli. Şu gün hemme ýerde goşgular okalyp, aýdymlar aýdylyp, bagtyýar çagalaryň şatlykly dabaralary bolandygyny bellemeli.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda başlanan dabara çagalar toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly konsert bilen utgaşdy. Onda ýaňlanan joşgunly aýdymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyza we elbetde, öz geljegimiz baradaky ýakymly arzuwlarymyzy baglanyşdyrýan, hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. (TDH)



Degişli Habarlar