Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy

1060336
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda degişli Permana gol çekdi.

Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw mekdepleriň talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Migrasiýa häzir globallaşma işleriniň uly wehimleriniň biriniň öňünde durýar. Bu ugurda Türkmenistan kanunçylyk kadalaşdyrmasynyň oňyn tejribesine hem-de migrantlara durmuş goraglylygyny we birmeňzeş mümkinçilikleri döretmekde mäkäm erk-islege eýedir. Ol adamyň hukuklarynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer däplerine esaslanandyr hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa syýasatynda mynasyp beýanyny tapýar.

Soňky ýyllarda biziň asuda gülläp ösýän Watanymyz dogduk mesgenlerini dürli sebäplere görä terk etmeli bolan ençeme adamlar üçin ikinji öýlerine öwrüldi. Bu ýerde anyk mysal hökmünde 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 8145 adamyň kabul edilendigini görkezmek bolar. Bu ynsanperwer çözgütler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwer däplerine, türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine ygrarlylygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy hem-de täze taryhy döwürde öz mynasyp beýanyny tapdy.

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm düzümleriniň biri bolup, onda jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy adam diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşmak bilen, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri amala aşyryp, şunda adam ölçegi we durmuş häsiýetli meselelere aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň belent münberlerinden beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan netijeli başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalary bilen ýakyn gatnaşyklary amala aşyrýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Biziň döwletimiz bu düzümler bilen işjeň gatnaşyklarda bolup, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmek, olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip hem-de netijeli çäreleri görmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu ugurda taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy amala aşyryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda goýlan hakyky ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyny iş ýüzünde subut edýär. Şol resminamalaryň hatarynda “Bosgunlaryň derejesi hakynda” Konwensiýa hem-de oňa Teswirnama, BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” konwensiýalary bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda milli kanunçylyk binýadynyň üsti migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýän hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän Türkmenistanyň kanunlary bilen ýetirildi.

Permana laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli teklipleri bermek bilen, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň raýatlygyny kabul etmek üçin ýüz tutan raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň tabşyrylmagy ata Watanymyzyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär. (TDH)


Etiketkalar: #Türkmenistan , #raýatlyk

Degişli Habarlar