Ulaglogistik düzümi döretmek boýunça halkara maslahat

Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň 9njy mejlisi geçirildi

1043334
Ulaglogistik düzümi döretmek boýunça halkara maslahat

Mejlise Hytaýyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hemde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, BMGniň Ýewropa ykdysady toparynyň, iri logistik kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri, bilermenler hemde synçylar gatnaşdylar.

Onuň gün tertibine ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar, maksatnamanyň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, gümrük hyzmatdaşlygy boýunça komitet bilen özara hyzmatdaşlygy gowulandyrmak, Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynda ugurdaş hünärler babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar logistika ulgamynda söwdany, söwda syýasatyny, energetika gatnaşyklaryny, gümrük ulgamynyň çärelerini işjeňleşdirmek boýunça Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlaryň ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň tagallalaryna goldaw bermek işleriniň ösüşi hemde bu ugurdaky başlangyçlar bilen tanyşdylar.

Hususanda, Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlaryň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasy standartlaşdyrmak boýunça öňe süren başlangyçlary, bu işi utgaşdyrmak babatda iş toparlaryny döretmek, gümrük çärelerini we beýleki ugurlaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ylalaşykly hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerini döretmek baradaky işjeň syýasaty Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek wezipelerini amala aşyrmagyň çäklerinde örän ähmiýetlidir. Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasy — munuň özi 11 ýurduň, ykdysady ösüşe alyp barýan hyzmatdaşlygyň üsti bilen ösüşi üpjün etmek maksady bilen işleýän köp sanly edaralaryň hyzmatdaşlygydyr. Ulag, söwda, söwda syýasaty we energetika ýaly möhüm ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny ilerletmek we oňa goldaw bermek bilen MASYH Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlara olaryň Ýewraziýa giňişligine utgaşýan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge goldaw berýär.

Türkmenistanyň bu düzümde eýeleýän ornuna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde baha berilýär. Özüniň geografik taýdan amatlylygyny peýdalanyp, dünýä bazarlaryna çykmak üçin oňaýly üstaşyr geçelgeleri üpjün etmek meseleleri diňe bir ýurdumyzyň geljekki ösüşi üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir.

Şeýle hem çykyşlarda bu gezekki duşuşygyň gatnaşyklar üçin amatly şertleri ýola goýmakda ähmiýetiniň uly bolandygy we durnukly ösüş esasynda halkara gatnaşyklaryň täze binýadyny kemala getirmekde Türkmenistanyň oňyn goşandynyň bardygy bellenildi. Şunlukda, täzeçil logistik düzümi bolan toplumlaýyn ulag ugurlarynyň kämilleşdirilmegine we onuň köpugurly esasda ösdürilmegine wajyp orun degişlidir.

Türkmenistanyň işjeň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bu wezipeleriň oňyn çözgüdini şertlendirýär. Merkezi Aziýada sebitleýin goşulyşmak, dünýä bileleşiginiň ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk onuň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagaragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Olar BMGniň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürüldi.

Bellenilişi ýaly, bu başlangyçlaryň zerurlygyny döwrüň özi tassyk etdi. Çünki ulag pudagy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňeçerligine oňyn täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.

Bu ugurda, şol sanda BMGniň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orun eýeleýän Türkmenistan iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär we şolary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrýar. Şunlukda, ýurdumyz sebitleýin we yklymüsti möçberde garyşyk köp şahaly ulag düzüminiň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag pudagynyň maddyenjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ozal hereket edýän ulagaragatnaşyk düzümleriniň giňeldilmegine we şolaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar.

Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň Halkara howa menzili we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly möhüm strategik desgalar ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulmagyny, ýurtda iri we multimodal gatnawlaryň sebit utgaşygyny üpjün edýän logistik merkezleriniň döredilmegini şertlendirýär.

Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň agza ýurtlaryň 9njy sebit duşuşygynyň çäklerinde ýük daşaýjylaryň assosiasiýasynyň federasiýasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň we iş toparlarynyň mejlisi geçirildi.

Ýakyn iki günüň dowamynda MASYHa agza ýurtlaryň wekilleri Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça komitetiň 17nji mejlisine gatnaşarlar we şol komitetiň hemde ýük daşaýjylar assosiasiýasynyň 4nji bilelikdäki mejlisini geçirerler. (TDH)



Degişli Habarlar