Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Gadyrly türkmen telekeçileri!

932040
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!
Gadyrly türkmen telekeçileri!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň ýigrimi müňe golaýyny birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi.

Bu şanly sene mynasybetli geçirilýän ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahaty ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly senagatçylar we telekeçiler!

Biz döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesini öňde goýýarys. Alyp barýan ähli işlerimiz esasy maksada — mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwletimiz bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmaga, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär. Bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri döredilýär, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işi ýola goýulýar.

Häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlary kesgitlendi. Maksatnama laýyklykda, hususy telekeçilik ulgamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalaryny döretmegiň meýilleşdirilmegi, şol sanda ýerasty baýlyklary özleşdirmek bilen bagly taslamalaryň göz öňünde tutulmagy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bildirilýän ynamy has-da artdyrýar. Maksatnamada bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite ykdysady zolaklar hereket eder. Döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrylmagy giň gerim bilen dowam etdiriler, bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri dörediler. Netijede, bazar gatnaşyklaryna geçmegiň dowamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylar we ykdysadyýetimizde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artar.

Biz geljekde hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça anyk çäreleri toplumlaýyn durmuşa geçirmegi dowam etdireris. Telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak üçin biziň alyp barýan syýasatymyz hususyýetçilerimizi eziz Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine mundan beýläk hem uly goşant goşmaga ruhlandyrar.

Hormatly telekeçiler!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna daşary ýurtly kärdeşleri bilen ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy ýurdumyzda maýa goýum işjeňliginiň artmagyna ýardam berýär, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goragly bolmagyny üpjün edýär.

Bu bolsa ýurdumyzyň telekeçilerine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen işewürleri dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara sergilerine, işewürlik maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar, iň täze, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy babatda tejribe alyşýarlar. Netijede, telekeçiler tarapyndan öndürilýän senagat önümleriniň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Türkmen telekeçiligi importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we içerki bazaryň haryt üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlary bilen dünýä bazarlarynda barha giň orun alýarlar.

Biziň öňümizde milli ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösdürmek boýunça giň gerimli strategik wezipeler durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin telekeçiligi goldamak, telekeçileriň hukuklaryny goramak üçin yzygiderli işler dowam etdirilýär. Hususy pudaga şeýle goldawy bolsa diňe kuwwatly, adalatly we durnukly ösýän döwlet berip biler.

Hormatly türkmen telekeçileri!
Eziz watandaşlar!

Biz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen işlere döwlet derejesinde aýratyn üns berip, möhüm taslamalaryň ählisini amala aşyrmaga, aýratyn-da, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmäge niýetlenen maýa goýum taslamalaryny mundan beýläk-de hemişe goldarys.

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. (TDH)



Degişli Habarlar