Türkiye käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etjekdikleri baradaky beýanatlary barada beýannama berdi

Türkiye Ispaniýanyň, Irlandiýanyň we Norwegiýanyň Palestinany ykrar etjekdikleri barada beren beýanatlaryndan kanagatlanarlydygyny habar berdi

2143016
Türkiye käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etjekdikleri baradaky beýanatlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ýewropanyň käbir ýurtlarynyň Palestinany döwlet hökmünde ykrar etjekdikleri bilen bagly beýanatlary barada: "Ispaniýanyň, Irlandiýanyň we Norwegiýanyň Palestina döwletini ykrar etjekdikleri baradaky baýanatlaryndan örän kanagatlydyrys. Palestinanyň ykrar edilmegi, halkara hukuk, adalat we wyždan taýdan möhümdir. Basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň halkynyň ellerinden alynan hukuklarynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi we Palestinanyň halkara jemgyýetçiliginde hak eden statusyna ýetip bilmegi taýdan örän möhüm bir ädimdir. Türkiye hökmünde has köp ýurduň Palestinany ykrar etmegi ugrunda tagallalarymyzy dowam etdireris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar